gyňaç

gyňaç
[gy:ňaç]
Durmuşa çykan Türkmen aýal maşgalalarynyň başyna oranýan ýaglygy, uzyn matasy.
∙ Gyňaçlaryny Meleguşuň guýrugy ýaly edip, Sadap Baý, Mehinli, Ataýry gelin onuň yzyna düşdi. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
∙ Mama ýagjymak ýüzüni gyňajynyň ujy bilen süpürenden soň, haşylap dem aldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
∙ Ataýry gelin gyňajyny galgadyp, oňa bakan topuldy. (B. Kerbabaýew, Aýgytly ädim)
∙ Nabat bozulandygyny duýdurmajak bolup, köne çit gyňajynyň çowy bilen gözlerini süpürdi. (A. Gowşudow, Powestler)
Ýazuw düzgüni: Soňuna çekimli ses bilen başlanýan goşulmalar ýa-da -rak goşulmasy goşulanda, ç sesi j sesine öwrülýär.
Meselem gyňaç - gyňajy.

Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.

Игры ⚽ Нужно решить контрольную?

Смотреть что такое "gyňaç" в других словарях:

  • Brain (novel) — infobox Book | name = Brain title orig = translator = image caption = author = Robin Cook illustrator = cover artist = country = United Kingdom language = English series = genre = Thriller, Novel publisher = Signet (paperback) release date = 1981 …   Wikipedia

  • Maharaha Yashwantrao Hospital — The Maharaha YashwantRao Hospital, also known as M. Y. Hospital, is located in Indore, India.It has 915 beds with all he major departments namely surgery, Medicine, Obst. Gynac., Orthopaedics, E.N.T., Ophthalmology, Radiology, Anaesthesiology,… …   Wikipedia


Поделиться ссылкой на выделенное

Прямая ссылка:
Нажмите правой клавишей мыши и выберите «Копировать ссылку»